Hytaý kosmosda magdan gazmak üçin alty aýakly robot döretdi

  • 20.03.2025 11:54
  • 3.6k+

Hytaýyň Magdan işleri we tehnologiýalary uniwersitetiniň inženerleri mör-möjege meňzeýän robot ýasadylar. Ol kosmosda magdan gazyp almak üçin niýetlenendir. Adaty bolmadyk täze önüm barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesinde habar berildi.

Robotyň alty aýagy bar: üçüsi hereket etmek üçin tigirler, üçüsi bolsa burawlamaga we duran ýerinden gymyldamazlyga mümkinçilik berýän dyrnaklar bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam Aýyň dartyş güýjüni simulirlemek şertlerde eýýäm synagdan geçirildi.
Işläp düzüjileriň biri Li Žuýliniň sözlerine görä, çeşmeleri gazyp almak kosmos barlaglary üçin möhümdir we Hytaý bu ugurda işjeň hereket edýär. Geljekde elektrik stansiýalary üçin potensial ýangyç boljak geliý-3-iň bar ýeri Aýa gyzyklanma häzirki wagtda hasam artýar. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Hytaý 2035-nji ýyla çenli Aý bazasyny gurmagy meýilleşdirýär.
Alymlar Aýdan başga-da, asteroidlerden peýdaly magdanlary gazyp almagyň mümkinçiliklerine hem seredýärler. Olarda ýokary tehnologiýalarda ulanylýan platina we iridiý ýaly seýrek toprak metallary bar.
Kosmosda magdanlary gazyp almaga niýetlenen tehnologiýalary işläp düzmek bilen diňe bir Hytaýda meşgullanylmaýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we beýleki ýurtlar hem bu ugurda barlaglary alyp barýarlar. Mysal üçin, Amerikanyň Planetary Resources kompaniýasy asteroidlerden çeşme çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.
Kosmosda magdan gazyp almak geljekde möhüm ykdysady pudaga öwrülip biler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....