Huawei Apple-yň M seriýaly çiplerine alternatiwasyny çykarar

  • 20.03.2025 11:21
  • 1.2k+

Huawei kompaniýasy Kirin X90 atly täze prosessoryny resmi taýdan sertifikatlaşdyrdy. Çaklanylmagyna görä, bu prosessor noutbuklar üçin niýetlenen. Internet sahypalarynda bu täzelik bilen baglanyşykly ilkinji maglumatlar peýda boldy diýip, «Gizmochina» habar berýär.

«Huawei Central» portalynyň maglumatlaryna görä, ARM arhitekturasy esasynda taýýarlanylan bu prosessor Apple-yň M seriýaly çiplerine alternatiwa hökmünde hödürlener. Berilýän maglumatlara görä, täze prosessor 5G modemi bolan wersiýasy bilen çykarylar we ol SMIC kompaniýasynyň 7 nm tehnologiýasy esasynda öndüriler.
Täze prosessor bilen enjamlaşdyrylan Huawei noutbuklary Windows-yň deregine HarmonyOS Next operasion ulgamy bilen hödürlenip bilner. Sebäbi Microsoft kompaniýasynyň Huawei bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ygtyýarnamasy mart aýynyň ahyrynda tamamlanýar. Häzirki wagtda bu täze prosessor (SoC) we onuň esasynda çykaryljak enjamlaryň tehniki aýratynlyklary barada goşmaça maglumat ýok.


16.05.2026 11:20
3.8k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...