Huawei Mate XT-iň ikinji neslini we ilkinji süýşýän ekranly smartfony taýýarlaýar

  • 20.03.2025 07:26
  • 2.2k+

Huawei täze innowasion önümleri hödürlemäge taýýarlanýar. HuaweiCentral neşiri insaýdere salgylanmak bilen, üç eplenýän displeýli smartfonyň täze wersiýasy bolan Mate XT 2-iň şu ýylyň ahyrynda köpçülikleýin öndürilip başlanjakdygyny, ondan biraz öň bolsa kompaniýa dünýäde ilkinji süýşýän ekranly smartfonyny hödürlejekdigini habar berdi.

2024-nji ýylyň güýzünde ilkinji gezek çykan flagman Mate XT hakyky şowhun döretdi. Bu dünýäde ilkinji 10 dýuýmlyk üç eplenýän smartfon. Ol gyşyň aýagynda dünýä bazarynda satuwa çykdy we henizem oňa taý geljek bäsdeş ýok. Samsung şeýle enjamyň prototipiniň üstünde işleýärkä, Huawei eýýäm meşhur smartfonynyň ikinji neslini döretmegiň üstünde işleýär. Insaýder Mate XT 2-niň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykaryljakdygyny tassyklaýar.
Süýşýän smartfon hakda maglumat az.  Ekranyň diagonaly görkezilmedi, ýöne şeýle enjamlaryň prototipleri, adatça, 6 dýumdan 8 dýuýma çenli ulalýan ykjam ekranlary hödürläpdiler.
HuaweiCentral kompaniýanyň indi birnäçe ýyl bäri süýşýän smartfon tehnologiýalaryny patentleýändigini belleýär. Samsung, Oppo, Xiaomi we Motorola ýaly bäsdeşler hem prototiplerini görkezdiler, ýöne entek köpçülikleýin öndürmeklige geçip bilenoklar.
Esasy tehniki mesele ykjamlyk bolup galýar: şeýle enjamlara güýçli batareýa ýerleşdirmek kyn. Süýşýän smartfonlaryň prototipleri bary-ýogy 3000 mAh batareýalar bilen enjamlaşdyryldy. Huawei bu meseläni täze kremniy-uglerod batareýasy tehnologiýasy bilen çözüp biler.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...