Renault bahasy 168 müň dollardan başlaýan R5 Turbo 3E elektrosportkaryny hödürledi

  • 19.03.2025 14:47
  • 5k+

Renault fransuz awtoulag öndürijisi täze R5 Turbo 3E kiçi elektrosportkaryny hödürledi. Bu sportkar kompaniýanyň mundan 40 ýyl ozalky ralli ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini ýatladýar. Täze model 2027-nji ýylda satuwa çykarylar diýip, «Wired» neşiri habar berýär.

«Wired» neşiriniň belleýşi ýaly, bu «gyzgyn» hetçbekden bary-ýogy 1980 sany öndüriler. Sportkar adaty bolmadyk yzky tekerlerden hereket getiriji ulgamy bilen iki sany elektrikli hereketlendirijiden ybarat bolup, jemi 500 at güýjüni öndürer. Uzyn kapotly kiçi awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,5 sekuntdan az wagtda ýetip biler we iň ýokary tizligi bolsa 270 km/sag bolar.
Awtoulag karbon süýümden ýasalan monokok karkasy, dik ýerleşdirilen el tormozy, ýörite sport oturgyçlary we 6 nokatly howpsuzlyk kemerleri bilen tapawutlanýar. Şeýle-de 20 dýuýmlyk uly tekerleri awtoulagyň sport häsiýetini güýçlendirýär.
Bu sportkaryň eýeleri zarýad bekedinde köp garaşmaly bolmazlar. Sebäbi 800 woltlyk energiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryljak hetçbek, 350 kWt kuwwatly zarýad bekedine birikdirilende, batareýasyny bary-ýogy 15 minutda 15%-den 80%-e ýetirmäge mümkinçilik berer.
Başlangyç bahasynyň 168 müň dollar diýlip kesgitlenmegi sebäpli, Renault R5 Turbo 3E-ni satyn aljak müşderilere giň görnüşdäki dizaýn elementlerini saýlap almaga mümkinçiligi berler. Şeýle-de sportkaryň kuzowynyň reňkleri hem müşderileriň islegine görä üýtgediler.
Öňünden sargyt kabul edişlik ýene birnäçe hepdeden başlar, şeýle-de bolsa ilkinji awtoulaglar müşderilere 2027-nji ýylda gowşurylar. Goşmaça opsiýalar bilen bu hetçbegiň bahasy 260 müň dollara çenli ýokarlanyp biler.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......