Realme kompaniýasy dünýä bazarynda Realme 14 5G smartfonyny hödürledi. Bu bazarda iň täze Snapdragon 6 Gen 4 prosessorly ilkinji smartfondyr.
Qualcomm-yň täze çipseti grafiki ýadronyň öndürijiligini 29% ýokarlandyrýar. AnTuTu bençmarkynda 750 müň bal alan çip EA funksiýalaryndan netijeli baş çykarýar. Bugaryş kamerasy prosessoryň temperaturasyny 20°C peseldýär.
Täze smartfon 6,67 dýuýmlyk AMOLED displeýine (120 Gs, 2000 nit) we 45 Wt çalt zarýad beriş bilen 6000 mA/sag sygymly batareýa eýe boldy. Awtonom iş wagty YouTube-da wideo göreniňde 17,5 sagada ýa-da Spotify-da aýdym diňläniňde 91 sagada barabar.
Realme 14 5G birbada üç gorag şahadatnamasyna eýe boldy: IP66, IP68 we IP69. Smartfon dökülen kofeden, duşda buguň täsirinden, howza gaçmakdan we kran akymyndan gorkmaýar. Ony suwa 2,5 metre çenli çuňluga 30 minutlap çümdürmek bolýar. Beýleki aýratynlyklaryň arasynda gök ýagtylykdan gözi goramak tehnologiýasy, halkalaýyn ýagtylandyryş, goşa stereodinamikalar, EA funksiýalaryň goldawy, GT Boost oýun režimi bar.
Beýleki aýratynlyklary:
- ·Ýat: 8/12 GB operatiw, 256 GB hemişelik, microSD sloty ýok;
- ·Kameralar: esasy (50 Mp, OIS), kömekçi 2 Mp, frontal 16 Mp;
- ·OS: Android 15-iň esasynda realme UI 6.0;
- ·Baglanyşyk: 5G, LTE, dual SIM, GPS, BeiDou, Galileo, NFC, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2;
- ·Göwrümi: 163,15 x 75,65 x 7,97 mm, agramy 194 g.
Gurluş Hytaýda Realme Neo7x, Hindistanda Realme P3 5G ady bilen çykarylýar, ýöne hemmesiniň aýratynlyklary birmeňzeş bolmagynda galýar.
Hindistanda baha 8/256 GB üçin 195 dollardan, 12/256 GB üçin 241 dollardan başlaýar.