Apple-iň geljekki iň inçe iPhone 17 Air smartfony barada nämeler mälim?

  • 19.03.2025 11:42
  • 3.7k+

Apple kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon bolan iPhone 17 Air-ni çykarmaga taýynlanýar. Şeýle-de bolsa, inçe dizaýnyň hatyrasyna öndüriji eglişik edene meňzeýär. Biz bu materialda şu günki güne çenli model hakda mälim bolan  esasy maglumatlary ýygnadyk.

Syzdyrylan maglumatlara görä, smartfon diňe bir esasy kamerany, bir dinamigi we uly wersiýalaryna geçjek A19 Pro-nyň deregine kuwwaty pesräk A19 çipini alar.
Bilermenler inçe korpus awtonomlygyna täsir edip biler öýdüp gorkýarlar. Ýöne Apple Ultra Wide modulyndan ýüz öwürmek arkaly dykyzlygy has ýokary batareýanyň, energiýany tygşytlaýan C1 modeminiň we ulaldylan batareýanyň hasabyna onuň öwezini dolup biler.

iPhone 17 Air-niň garaşylýan häsiýetnamalary:

  • Galyňlygy 5,5 mm (kameranyň çykydy 9,5 mm-e çenli)
  • Face ID-li we Dynamic Island-li 6,6 dýuýmlyk OLED ekrany
  • ProMotion goldawy, täzeleniş tizligi 120Gs-a çenli täzeläň
  • Apple Intelligence üçin A19 çip, 8 Gb RAM
  • 48 MP odinar kamera, öňdäki kamera - 24 MP
  • Gepleşik modulynda bir dinamik
  • Hususy Wi-Fi 7 we Apple C1 modemi
  • Diňe eSIM, fiziki SIM ýok
  • Merkezden süýşürilen USB-C.

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň sözlerine görä, kompaniýa aslynda USB-C porty bolmadyk enjamy goýbermegi göz öňünde tutupdyr. Eger şeýle bolan bolsady, onda bu model asla USB-C portsuz dizaýnly dünýäde ilkinji enjam bolardy. Emma Apple häzirlikçe bu pikirden saklanmak kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa geljekde portsuz modelleri döretmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
Iň soňky maglumata görä, iPhone 17 Air-iň bahasy 899 dollar töweregi bolar, bu bolsa iPhone 16 Plus -yň esasy modeli bilen deňdir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...