3000-den gowrak hassada inçekeseli anyklamaga kömek eden alaka dynç alşa çykýar

  • 19.03.2025 06:16
  • 11k+

Karolina atly torbaly uly afrikan alakasy lukmanlara 7 ýylyň dowamynda  inçekeseli anyklamaga kömek etdi. Ol 3000-den gowrak adamyň janyny halas etdi, indi bolsa hormatly dynç alşa çykýar diýip, National Geographic ýazýar.

Hakykatda  torbaly syçanlaryň (Cricetomys) adatdan daşary ys alyş duýgusy bar. Olar ýarym damja hloryň ysyny 20 Olimpiýa basseýnine deň mukdarda alyp bilýärler. Şeýle ägirt güýç Karolina keseli haýran galdyryjy takyklyk bilen tanamaga mümkinçilik berdi. Alaka inçekeseli adaty laboratoriýa anyklaýyş usullaryndan has çalt we has anyk tapyp bildi. Ol 100 gakylyk nusgasynda infeksiýanyň bardygyny-ýokdugyny 20 minutda barlap bilýärdi. Oňa muny keselleri ýüze çykarmak we minalary tapmak üçin syçanlary ulanýan APOPO-nyň hünärmenleri öwretdi.
Karolina Tanzaniýada we Efiopiýada ýedi ýyl işlän döwründe 3000-den gowrak ýokanç kesellini ýüze çykardy.
Emma ýyllar öz möhrüni basýar. Indi "detektor" syçan dynç alşa çykdy we başga bir weteran syçan Gilbert bilen giň kapasada ýaşaýar. Olar üns we alada bilen gurşalan alaka "internatynda" ýaşaýarlar.

“Men degişme bilen muňa biziň Floridamyz diýýärin. Bu pensionerleriň kiçijik jemgyýetine meňzeýär. Hatda olaryň mydama işjeň bolmagy üçin täze oýunjaklar hem döredýäris "-diýip, APOPO-nyň taýýarlyk bölüminiň başlygy Sindi Fast aýdýar.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......