“Çappiniň” we “Etrap №9-yň” režissýory “Ýyldyz desantynyň” täze wersiýasyny surata düşürer

  • 18.03.2025 23:09
  • 1.4k+

Columbia Pictures Robert Haýnlaýnyň fantastiki romany esasynda “Ýyldyz desantynyň” täze wersiýasyny taýýarlaýandygyny habar berdi. Filme “Etrap №9” we “Çappi” filmleri bilen tanalýan Nil Blomkamp režissýorlyk eder  diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Şeýle hem Blomkamp taslamanyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder. Işinde oňa aýaly Terri Tatçel oňa kömek eder. Häzirki wagtda onuň soňky filmi 60 million dollarlyk býujet bilen 122 million dollar gazanan “Gran Turizmo” dramasydyr.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, täze ekranlaşdyrylan film, Pol Werhoweniň 1997-nji ýyldaky filmine garanyňda, kitabyň asyl nusgasyna has ýakyn bolar. Blomkamp romanyň harbylaşdyrylan jemgyýet, raýatlyk borjy we gymmatlyklary baradaky pikirlerine täzeden garamak isleýär. Onuň düşündirişi Werhoweniň satirik garaýşyndan düýpgöter tapawutlanar.
Haýnlaýnyň romanynda adamzadyň mör-möjek pisint gelmişekler bolan "arahnidler" bilen söweşi we esger Jonni Rikonyň peýda bolmagy barada gürrüň berilýär. Asyl roman militarizmi romantikleşdirendigi üçin tankyt edilipdi, ýöne bu oňa abraýly “Hýugo” baýragyny almagyna päsgel bermedi. Werhowen öz wersiýasynda sýužete satirik, urşa garşy häsiýet berdi. 1997-nji ýylda Kasper Wan Diniň baş keşbi janlandyran filmi kassa ýygymynda pes boldy, ýöne şondan soň ol kult film derejesine eýe boldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......