“Ar alyjylar: Gizlin uruşlar” Marvel kinoäleminiň täze başlangyjy bolar

  • 18.03.2025 07:50
  • 2.8k+

“Ar alyjylar: Gizlin uruşlar” (Мстители: Секретные войны) filmi Marvel kinoäleminiň täze başlangyjy bolup biler. Muny filmiň režissýorlary Jo we Entoni Russo gytaklaýyn tassyklady.

Doganlar Russo Marvel älemine gaýdyp geldi we “Ar alyjylar: Kyýamat güni” (Мстители: Судный день) hem-de “Gizlin uruşlar” filmleriniň üstünde işleýär. Eger “Ar alyjylar 5” yza süýşürilmese, filmler bir ýyl aratapawut bilen çykar.

“Iki sany täze “Ar alyjylar” filminiň aýratynlygy, olaryň – başlangyç bolmagy. Bu täze başlangyç. Ýagny, biz hekaýatyň tamamlanandygyny gürrüň berdik. Indi biz täze hekaýata başlarys. Kim bilýär, onuň bizi nirä eltjegini. Ähtimal, ýene bäş ýyl geçer. Biz diňe hakykatdan degerli hekaýat üçin gaýdyp gelerdik” – diýip, režissýorlar Omelete bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Marvel Studios kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar – tomaşaçylara köp sanly filmleri we seriallary yzarlamak kyn düşýär. “Gizlin uruşlar” söýgüli personažlary saklap, täze taslamalary elýeterli etmek bilen, kinoälemini täzeden başlap bilerdi.
Mundan başga-da, film täze X adamlaryň toparyny görkezip biler. Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi ozal mutantlaryň “Gizlin uruşlardan” soň üns merkezinde boljakdygyny aýdypdy.
Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 6-njy maýyna meýilleşdirilýär.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......