“Garpamyk” multfilminiň kino görnüşiniň ilkinji tomaşaçylary garaýyşlaryny paýlaşdylar

  • 17.03.2025 19:15
  • 5.3k+

ABŞ-da Disney studiýasynyň 1937-nji ýyldaky multfilminiň remeýki bolan “Garpamyk” filminiň premýerasy boldy. Film daşary ýurt prokatyna 21-nji martda çykar.

Variety filmiň ilkinji tomaşaçylaryň göwnünden turandygyny ýazýar. Olar filmi “soňky birnäçe ýylda iň gowy remeýk” diýip atlandyrdylar. Köpler Garpamygyň keşbini ýerine ýetiren Reýçel Zegleriň ynandyryjy çykyşyna ýokary baha berdi.
Zalym Şa aýalynyň keşbini “Täsin zenan” (Чудо-женщина) filmi bilen tanalýan Gal Gadot ýerine ýetirdi. Režissýor hökmünde “Tomsuň 500 güni” (500 дней лета) filmini dörediji Mark Uebb çykyş etdi. Filmiň býujeti azyndan 250 mln dollar boldy.
Tankytçylar 19-njy marta çenli syn bermekden saklanýar, diňe şondan soň hünärmenleriň tomaşaçylaryň garaýyşlary bilen ylalaşjakdygy ýa-da ýokdugy belli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, eýýäm kasting tapgyrynda film baş keşbe asly kolumbiýaly Reýçel Zegleriň tassyklanmagy sebäpli tankyda sezewar boldy. Ony Garpamygyň keşbi üçin has garaýagyz hasapladylar. Awtorlaryň nusgawy hekaýa bolan çemeleşmesi, köplere belli bolan ertekiden gyşarmalar hem tankyt edildi. Şeýle-de, baş keşpleri ýerine ýetirijileriň – Garpamygy oýnan Zegleriň we zalym aýaly oýnan ysraýylly Gal Gadotyň düýpgöter tapawutlanýan syýasy garaýyşlary ýene bir meselä öwrüldi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......