Hyundai tormoz näsazlygy sebäpli Ioniq 5 N sport awtoulaglaryny yzyna çagyrýar

  • 17.03.2025 17:33
  • 2.4k+

Hyundai tormoz ulgamyndaky näsazlyk sebäpli 1 508 sany Ioniq 5 N ulagyny yzyna çagyrýar. Näsazlyk çep aýak tormozy işjeňleşdirilende ýüze çykýar, bu bolsa gulplama garşy tormoz ulgamynyň (ABS) işleýşine täsir edip, tormozlaryň işjeňleşmegini yza çekip biler.

Kompaniýa bu näsazlyk bilen baglanyşykly bir sany ýol ulag hadysasy barada habar berdi, ýöne heläk bolan ýa-da ýangyn hasaba alynmandy.
Näsazlygy düzetmek üçin Hyundai tormoz ulgamyna gözegçilik edýän programma üpjünçiligini täzelär. Öndüriji, tä hyzmat merkezlerinde mugt täzelenip berilýänçä, eýelerine çep aýagyň tormozyny basmakdan wagtlaýynça saklanmagy maslahat berýär. Abatlaýyş baradaky habarnamalaryň 7-nji aprelde iberilmegine garaşylýar.
Hyundai Ioniq 5 N-iň täzelenen görnüşi geçen ýylyň sentýabr aýynda hödürlenipdi. Täze wersiýada esasy üns, dürli taýýarlyk derejeli sürüjiler üçin amatly 10 sany drift görnüşini hödürleýän kämilleşdirilen N Drift Optimizer-e gönükdirilendir. Ulgam, drift üçin şertlere baha bermegiňde öňküdenem netijeli boldy.
Awtoulagda benzinli awtoulaglaryň hereketlendirijisiniň tormoz tutuşyna meňzeş "geçirişi peseldiş ýady" we "ýapgytdan inilende kömekçi" ýaly täze funksiýalar bar. Şeýle hem, awtoulagda akylly faralar, çykanda gapyny gulplamak funksiýasy, içerki V2L ulgamy, ikinji hatardaky oturgyçlar üçin howpsuzlyk aýnalary we rulda titreme duýduryşy bar. Awtoulag N Grin Boost režimi bilen işjeňleşdirilýän 641 at güýjüne çenli (478 kWt) we 770 Nm torky öndürýän goşa hereketlendirijili gurnamasyny saklap galdy. Şeýle hem, ol 84 kWt-lyk batareýany aldy. Başlangyç bahasy 57 678 dollar.


02.06.2026 12:41
3.3k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....