Hytaýda Toyota RAV4-üň eýeleri ulagyň çalt poslaýandygyndan arz edýärler

  • 17.03.2025 17:07
  • 4.5k+

FAW bilen Toyota-nyň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan Hytaýda öndürilen Toyota RAV4-üň eýeleri ulag satyn alnandan uzak wagt geçmänkä ýüze çykýan posdan zeýrenýärler. Abatlaýyş kepilliginiň meseläni çözüp bilmeýändigi sebäpli olar toparlaýyn talap arzasyny taýýarlaýarlar.

Bu mesele, esasanam, 2020–2023-nji ýyllarda ýygnalan modellerde has ýygy duş gelýär. Pos köplenç nurbatlarda, hyrly birikmelerde, gural paneliniň karkasynda, hereketlendiriji wallarda we hatda kuzowda hem döreýär. Hytaýyň sosial ulgamlarynda bu kemçilikler barada eýýäm ýüzlerçe şikaýatlar bar.
FAW Toyota ulag eýeleriniň bu meseläni diler merkezlerinde kepillik esasynda çözüp biljekdigini aýtdy. Emma abatlaýşyň yzýany poslama ýene peýda bolýar, bu bolsa ulag eýelerini kazyýete arza ýazmaga mejbur etdi. Toyota elmydama hili bilen meşhur, ýöne şuňa meňzeş ýagdaýlar öndürijiniň abraýyna zeper ýetirýär. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, käbir sebitlerde RAV4-iň satuwy soňky bir ýylda 15% azaldy.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......