Arina Sobolenko WTA-1000 ýaryşynyň finalynda 17 ýaşly Mirra Andreýewadan utuldy

  • 17.03.2025 11:59
  • 5.1k+

Dünýäniň birinji raketkasy belarusly Arina Sobolenko Indian-Uellsde geçirilen abraýly WTA-1000 ýaryşynda tituly gazanyp bilmedi. Bu ýaryşyň baýrak gaznasy 8,9 mln dollardan geçýär. Finalda Sobolenko 17 ýaşly russiýaly Mirra Andreýewadan utuldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Oýun 2 sagat 4 minut dowam edip, 2:6, 6:4, 6:3 hasabynda tamamlandy. Bu Sobolenkonyň Indian-Uellsde ikinji finaly we ikinji ýeňlişidir: iki ýyl mundan ozal ol gazagystanly Ýelena Rybakinadan utuldy.
Andreýewa WTA reýtinginde 9-njy orny eýeleýärdi, ýarym finalda ol Polşadan dünýäniň ikinji raketkasy Iga Swýontegi hem garaşylmadyk ýagdaýda utdy. Sobolenko ýarym finalda amerikaly Medison Kizden üstün çykdy.
Mirra Andreýewa üçin bu yzygider ikinji WTA-1000 tituly we karýerasynda ýekelikde üçünji titulydyr. Indi ol öz rekordyny täzeläp, reýtingiň 6-njy ornuna çykdy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......