Russiýada gar barslarynyň sany soňky on ýylda 10-dan 87-ä çenli artdy

  • 17.03.2025 11:16
  • 7.9k+

Russiýada soňky 10 ýylyň dowamynda gar barslarynyň sany 10-dan 87-ä çenli artdy. Bu barada Russiýanyň sebitara «Irbis» assosiasiýasynyň başlygy Ali Uzdenowa salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.

«Adamlaryň täsiri, iýmit çeşmeleriniň azlygy, gar barslarynyň hem-de olaryň iýmitlenýän toýnakly haýwanlarynyň awlanylmagy, magdan känleriniň işlenmegi we başga-da birnäçe sebäpler gar barslarynyň sanynyň azalmagyna sebäp bolupdy. 10 ýyl mundan ozal Russiýanyň çäginde bary-ýogy 10-15 sany gar barsy bardy. 2024-nji ýylda ilkinji gezek tutuş Russiýa boýunça hasaba alyş geçirdik we häzirki wagtda olaryň sanynyň 87-ä ýetendigini anykladyk» — diýip, Uzdenow aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, gar barslary häzirki wagtda Russiýanyň dört sebitinde – Altaý Respublikasynda, Tuwada, Burýatiýada we Krasnoýarsk ülkesinde ýaşaýarlar. Gar barslary Russiýanyň Gyzyl kitabyna «ýitip gitmek howpy abanýan» görnüş hökmünde girizilen – bu iň ýokary gorag derejesidir.
Şeýle-de 13-15-nji mart aralygynda Kazan şäherinde «Dünýädäki gar barslaryny öwrenmek we gorap saklamak» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çärä Russiýadan, Owganystandan, Butandan, Hytaýdan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Nepaldan, Pakistandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 180 wekil gatnaşdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....