Mercedes-Benz 670 km ýol ätiýaçlygy bolan elektrosedanyny tanyşdyrdy

  • 16.03.2025 22:05
  • 3.8k+

Mercedes-Benz täze nesil «CLA» modelini hödürledi, bu gezek ol doly elektrik boldy. Täze model MMA platformasynyň binýadynda gurlan we iki görnüşde elýeterli: yzky tekerlerden herekete getirilýän «CLA250+» (268 at güýji) we doly herekete getirilýän «CLA350 4Matic» (349 at güýji).

800 woltlyk elektrikli ulgamy 320 kWt-a çenli çalt zarýad alşy goldaýar, 85 kWt·sag sygymly batareýasy bolsa 670 km çenli ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär (WLTP).
Doly herekete getiriji ulgamy öňdäki elektromotor (107 at güýji) arkaly işleýär we zerur bolan halatda awtomatiki herekete gelýär.
Salony üç sany ekran bilen enjamlaşdyrylan, olara Google bilen integrirlenen täze multimediýa ulgamy hem degişli. Bu ulgam sürüjiniň emosional ýagdaýyny seljerip bilýär. Panoramaly aýna üçegi ultramelewşe şöhlelerden goraýar, brake-by-wire ulgamy bolsa pedal bilen tormozlaryň arasynda mehaniki baglanyşygyň bolmazlygyny üpjün edýär.
Geljekde 1,5 litrlik turbomotory we şäher şertlerinde işleýän 27 at güýjündäki elektrikli hereketlendirijisi bolan gibrid görnüşi hem çykarylar.
Elektrikli «CLA» 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylar, gibrid görnüşi bolsa 2026-njy ýylda elýeterli bolar.




03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......