Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filmi barada goşmaça maglumatlar peýda boldy

  • 16.03.2025 21:58
  • 3.6k+

Gresiýada Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filmini surata düşürmek işleri alnyp barylýar. Ýerli OneMan neşiri aktýorlar ansamblynyň işini “yzarlap”, rollaryň nähili paýlanandygyny anyklady.

Öň mekir şa Odisseýiň keşbini Mett Deýmonyň ýerine ýetirjekdigi belli boldy.
OneMan neşiriniň maglumatlaryna görä, geljekki filmde Tom Hollanda Odisseý bilen Penelopanyň ogly Telemahyň roly berildi. Penelopanyň keşbini Enn Heteueý ýerine ýetirer. Zendaýa bolsa hudaý Afinanyň, Şarliz Teron – Sirseýanyň, Lupita Niongo – Klitemnestranyň, Benni Safdi – patyşa Agamemnonyň roluny aldy. Şeýle-de, aktýorlar düzüminde Robert Pattinson we Elliot Peýj bar, ýöne olaryň roly häzirlikçe belli däl.
Neşir Gresiýada filmiň düşürilişinden alnan suratlary hödürledi, olarda ýörite eşikleri geýen Tom Holland bilen Jon Berntaly görmek bolýar.
Film iň täze IMAX kameralary bilen düşürilýär. Lenta gadymy grek şahyry Gomeriň eposynyň ekranlaşdyrylmasy bolup, Odisseýiň Troýa söweşinden soň öýe tarap ýolda başdangeçirmeleri barada gürrüň berer.
Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Bu sene iýulyň üçünji uik-endine gabat gelýär we Nolan üçin möhümdir: “Gara rysar”, “Dýunkerk” we “Oppengeýmer” hem bu döwürde çykypdy.  


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......