AirPods nauşnikleri gepleşikleri häzirki wagtda başga dile terjime edip biler

  • 16.03.2025 17:37
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri söhbetdeşiň sözlerini häzirki wagtda başga dile terjime edip biljek funksiýany goşmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg habar berýär.

Agentligiň žurnalisti Mark Gurman çeşmelere salgylanyp, bu funksiýanyň 2025-nji ýylda AirPods programma üpjünçiliginiň täzelenmeginiň bir bölegi hökmünde hödürlenjekdigini habar berdi. Ol iPhone üçin operasion ulgamynyň täzelenen wersiýasy bolan iOS 19-yň çykmagy bilen baglanyşykly bolar.
Žurnalistiň berýän maglumatlaryna görä, täze funksiýa AirPods-yň ulanyjylaryna “Ýyldyz ýoly” (“Звездный путь”) serialyndaky gahrymanlar ýaly aragatnaşyk gurmak mümkinçiligini berer: eger iňlisçe gürleýän adam ispan dilini eşitse, iPhone ony terjime eder we ulanyjynyň nauşniklerine iňlis dilinde geçirer. Şol bir wagtyň özünde iňlis dilinde gürleýän adamyň sözleri ispan diline terjime ediler.
Apple kompaniýasynda bu barada teswir bermekden saklandylar.
Bloomberg-iň belleýşi ýaly, AirPods-iň täze funksiýasy - bu Apple-iň şu ýyl meýilleşdirýän düýpli programma özgertmeleriniň bir bölegidir. Bu agentlik ozal Apple-iň iPhone-yň, iPad-iň we Mac-iň interfeýsini düýpgöter üýtgedip, operasion ulgamlarynyň daşky görnüşini çalyşjakdygyny habar beripdi.
Apple-iň bäsdeşleri terjime funksiýasy bolan nauşikleri eýýäm çykaryp gelýärler. Şuňa meňzeş funksiýa Google Pixel Buds nauşniklerinde eýýäm bar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...