Oty elleýänçäň, smartfon blokirlenýär: täze ykjam goşundy smartfona baglylygy aýyrýar

  • 16.03.2025 16:18
  • 5.9k+

App Store dükanynda Touch Grass ady bilen üýtgeşik ykjam goşundy peýda boldy. Ol smartfona “daňlan” adamlara kömek etmek üçin işlenip düzüldi.

Touch Grass wagtyňy has köp sarp edýän programmaňy saýlamaga we wagt taýdan çäk goýmaga mümkinçilik berýär.
Eger bellenen çäkden geçilse, giriş blokirlenýär. Ony ulanyjy diňe daşyna çykyp, oty elleýändigini kamera düşüreninden soň açyp biler. Barlag kompýuter görşi arkaly amala aşyrylýar.
Eger programmany açmak zerur bolsa, ýöne daşyna çykmak mümkinçiligi bolmasa, goýberişi satyn almak bolýar. Onuň bahasynyň ýarysy Beýik Britaniýada ýabany tebigaty dikeltmek boýunça taslamalaryň goldawyna gönükdirilýär.
Ulanyjylar aýda bir gezek bir mugt goýberiş alýar.
Tiz wagtdan ykjam goşundy Android üçin hem elýeterli bolar.


01.02.2026 12:21
1.8k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

15.12.2025 14:52
1.3k+

ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi. Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar...

21.11.2025 12:09
1.1k+

Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi

Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar. Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady...

29.07.2025 14:18
2.8k+

App Store kontenti has takyk kesgitlemek üçin 13+, 16+ we 18+ ýaş kategoriýalaryny girizýär

Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy. Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy...