Slowakiýada samyr 5000 hojalygy suwsuz goýup biljek bent galdyrdy

  • 16.03.2025 13:40
  • 8.5k+

Slowakiýadaky Tatra milli seýilgähinde samyr suw arassalaýyş stansiýasy bilen suw geçiriji desgalaryň arasynda bent galdyrdy. Indi onuň bu desgasy golaýdaky obalaryň bäş müňden gowrak ýaşaýjysyny suwsuz goýup biler diýip, goraghananyň metbugat gullugy habar berýär.

Milli seýilgähiň wekilleri bu ýagdaýy ekoaktiwistler bilen maslahatlaşyp, hem suw üpjünçiligini, hem haýwany goramak üçin çäreleri kabul etdi. Ýagny, suwy akdyrmak üçin turbalary geçirmek, samyrlaryň gemirýän agaçlarynyň daşyny bolsa gorag tory bilen aýlamak kararyna gelindi diýip, Korzár neşiri habar berýär.
Milli seýilgähi goramak boýunça direktor Ýan Sliwinskiniň aýtmagyna görä, samyrlaryň işjeňligine eýýäm on ýyl bäri syn edilýär. Ilkinji bentler Muranyň golaýyndaky Polýanada derýanyň sag kenarynda peýda boldy. Ýöne ýylyň başynda samyr, ähtimal, iýmit gözläp başga kenara geçen bolsa gerek.

“Goralýan haýwanyň işjeňligi suw alýan desga howp salýar we suw çeşmesiniň zaýalanmagyna getirip, suwuň hilini ýaramazlaşdyryp biler” – diýip, PVPS-niň önümçilik we tehniki direktory Mihal Wasserman aýtdy.

Belläp geçsek, samyrlar soňky döwürde habarlaryň gahrymanyna öwrülýär. Mundan öň Çehiýada bir samyr iki günde bent gurup, muny etmek islän ýerli häkimiýetleriň meýilnamalaryndan öňürtdi. Desganyň netijesinde şäher häkimligi 30 mln çeh kronasyny (130 müň dollardan gowrak) tygşytlady.


25.04.2026 16:02
6.4k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......

25.03.2025 12:01
4.9k+

Slowakiýada Gadymy Rim döwrüniň inženerçilik täsinligi tapyldy. Ol ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Slowakiýanyň çäginden ilkinji gezek Gadymy Rim akwedugy (suw desgasy) tapyldy. Özboluşly gurluş ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giriziler diýip, Ancient Origins habar berýär. Bu açyşy Trnawa uniwersitetiniň...

düýn 23:12
2.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....