Lexus täze premium RZ krossowerini hödürledi

  • 16.03.2025 11:28
  • 6.3k+

Lexus Brýusselde (Belgiýa) täze elektrikli krossoweri «RZ-i» hödürledi. Bu model döwrebaplaşdyrylan BEV ulgamy, innowasion dolandyryş ulgamy we kämilleşdirilen doly herekete getiriji ulgam bilen enjamlaşdyryldy.

Önümçilige 2025-nji ýylyň güýzünde başlamak meýilleşdirilýär we ol tapgyrlaýyn ýagdaýda dürli sebitlerde ýola goýlar.
Lexus 2005-nji ýylda «RX 400h» modelini çykarany bäri, premium elektrikli awtoulaglar bazaryndaky liderligini saklap gelýär. Kompaniýa şu ýylky umumy satuwlarynyň 52%-iniň elektrikli awtoulaglara degişli boljakdygyny çaklaýar. Şeýle-de BEV, HEV we PHEV görnüşlerini giňeldip, daşky gurşaw üçin zyýanly bolan zyňyndylary azaltmagy maksat edinýär.

Täze «RZ» modeli ýörite BEV akkumulýatory bilen üpjün edilen. Ol ulagyň kuwwatyny we ýol ätiýaçlygyny artdyrýar. Şeýle-de ulaga täze nesil Steer-by-Wire dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan. Kämilleşdirilen platformasy ulagyň esasy dinamiki aýratynlyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi, täzeden işlenen DIRECT4 doly herekete getiriji ulgamy bolsa dolandyryşy has takyk we duýgur etdi. Bu üýtgeşmeler «The Natural» konsepsiýasyna laýyk gelip, Lexus Driving Signature aýratynlyklaryny has-da kämilleşdirýär. Netijede, sürüjilik tejribesi has akgynly, duýgur we lezzetli bolýar.
Täze model hataryna kuwwaty 300 kWt bolan «RZ 550e F SPORT» wersiýasy hem goşuldy. Lexus ilkinji gezek interaktiw el dolandyryş ulgamyny ornaşdyryp, tizlenme bilen dinamiki sesiň sazlaşygyny üpjün etdi.
Krossower täze reňk görnüşleri, aerodinamiki elementleri we sport interýeri bilen tapawutlanýar. Ulag alýumin pedal we ýörite sport oturgyçlary bilen enjamlaşdyrylan.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......