SpaceX HKS-e Crew-10 missiýasyny uçurdy: kosmosda galan astronawtlar ýakynda yzyna getiriler

  • 15.03.2025 16:26
  • 2.7k+

NASA we SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna Crew-10 ekipažyny üstünlikli uçurdy. Bu missiýa amerikaly astronawtlar Butç Uilmor bilen Sunita Uilýamsy yzyna getirmäge mümkinçilik berer.

Falcon 9 raketasy Floridadaky Kennedi kosmos merkezinden uçdy. Onuň bortunda amerikaly astronawtlar Enn Makkleýn we Nikol Aýers, ýaponiýaly Takuýa Onişi we russiýaly Kirill Peskow bar. Olar HKS-de alty aý bolar.
Täze ekipaž stansiýa gelende, Uilmor, Uilýams, şeýle-de NASA-nyň astronawty Nik Heýg we russiýaly kosmonawt Aleksandr Gorbunow sentýabr aýynda Crew 9 missiýasynyň çäklerinde stansiýa bilen birleşen kapsulada Ýere gaýdyp biler.
Uilmor bilen Uilýams geçen ýylyň iýun aýynda Boeing kompaniýasynyň Starliner kapsulasynda HKS-e ugrady, ýöne hereketlendiriji näsazlygy sebäpli olaryň sekiz güne meýilleşdirilen missiýasy dokuz ýarym aýa çekdi.
Crew-10 gündogar wagty bilen şenbe güni 23:30-da stansiýa barar. Crew-9 ekipažy eýýäm 19-njy martda Ýere ugrap biler diýlip meýilleşdirilýär, ýöne köp zat Floridanyň kenarynda olaryň gämisiniň gonjak ýerindäki howa şertlerine baglydyr.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......