Disney «Lilo we Stiçiň» kino görnüşiniň ilkinji treýlerini görkezdi

  • 15.03.2025 08:16
  • 3k+

Disney «Lilo we Stiç» atly multfilmiň hakyky aktýorlar bilen düşürilen filminiň ilkinji doly treýlerini hödürledi. Filmiň premýerasy 23-nji maýda bolar.

2000-nji ýyllardaky asyl multfilmde bolşy ýaly, bu film hem Lilo atly ýalňyzja gyzjagaz bilen «haos we weýrançylyk üçin doglan» Stiç atly kesekiniň arasyndaky dostluk barada gürrüň berer.
Lilonyň keşbini Maýýa Kiloha ýerine ýetirýär, Stiçi bolsa asyl multfilmiň režissýory, ssenaristi we seslendirijisi Kris Sanders seslendirýär. Şeýle-de filmde Zak Galifianakis, Sidni Agudong, Billi Magnussen, Kaýpo Duduit we Kortni B. Wens çykyş eder.
Filmiň režissýory «Oskar» baýragyna dalaşgär, «Marsel, ädiklije balykgulak» (Марсель, ракушка в ботинках) atly multfilmi bilen tanalýan Din Fleýşer Kemp boldy.
Asyl «Lilo we Stiç» multfilminiň premýerasy 2002-nji ýylda bolupdy. Film bütin dünýäde 273 million dollar girdeji gazandy, dowamy düşürildi we «Iň gowy doly metražly animasion film» nominasiýasy boýunça «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......