Ýakynda çykjak Toyota Hilux GR Sport kysymly awtoulag barada täze maglumatlar aýan edildi

  • 14.03.2025 06:05
  • 6.2k+

Toyota kämilleşdirilen podweskaly, haýbatly dizaýnly we ösen tehnologiýaly täzelenen Hilux GR Sport-y taýýarlaýar.

Tarantas.news-iň habar berşi ýaly, model IMV çarçuwaly platformasyny saklar we Tacoma ýaly TNGA-F-a geçmez. Bu kemçilik ýaly bolup görünse-de, täzelenen model, her näme diýseňem, köp gyzykly gowulaşmalary alar.
Daşky görnüşi has ýagty bolar: inçe LED faralar, balary öýjügine meňzeş nagyşly radiator paneli, berkidilen gorag plastinalary, giňeldilen arkalar we ulaldylan klirens onuň daşky görnüşini has haýbatly eder. Salonynda gowulaşdyrylan goldawly sport oturgyçlary, premium materiallar bar we  ýolsuz ýerden sürlende rahatlyk üçin amortizatorly IsoDynamic oturgyçlary bolup biler.
Tehnologiýalary hem öňe tarap ädim äder: Apple CarPlay-li we Android Auto-ly 12,3 dýuýmlyk ekran, sanly gural paneli, simsiz zarýad beriji we off-road režimler üçin kameralar bolar. Üstesine-de, adaty Toyota Safety Sense howpsuzlyk toplumy alar.

Häzirki 2,8 litrlik turbodizel 221 at güýjüni we 550 Nm torkt öndürýär, bu Ford Ranger Raptor-a garanda ýönekeýräk. Tacoma-nyň (326 at güýji, 445 Hm) 2,4 litrlik i-Force Max gibridiniň bolmagy mümkin diýilýär, bu ony, edil Raptor derejesine ýetmese-de, çynlakaý güýçlener.
Täze amortizatorly we puržinli podweska kyn ýerlerden geçijiligini gowulandyrar. Ýöne ýokary tizlikli çöl ýaryşlarynda däl-de, tehniki ýagdaýy boýunça ýolsuz ýerlerden geçip bilijiligine üns berler.
Hilux GR Sport Ineos Grenadier, Kia Tasman ýa-da Jeep Gladiator Mojave ýaly ulaglara garşy güýçli bäsdeş ýaly görünýär. Emma Raptor bilen bäsleşmek üçin has güýçli hereketlendiriji we ösen podweska zerur. Öňümizdäki aýlarda boljak ilkinji çykyş Toyota-yň onuň bilen çynlakaý bäsdeşlik etmäge taýýardygyny ýa-da ýokdugyny görkezer.


düýn 14:05
3.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......