ABŞ-daky startaplar 3 aýda 80 mlrd dollar maýa goýum çekdi: bu 2021-nji ýyldan bäri rekord

  • 13.03.2025 21:39
  • 2.6k+

Amerikan startaplary 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde, takmynan, 80 milliard dollarlyk maýa goýum çekdi – bu 2021-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada «PitchBook» analitika kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, «Financial Times» (FT) neşiri habar berýär.

PitchBook-yň gözleg bölüminiň ýolbaşçysy Kaýl Stenford bu mukdaryň 40%-iniň OpenAI, xAI we Databricks ýaly alty iri startapyň geleşiklerine düşendigini belledi. Ol wençur maýa goýum bazarynda esasy kompaniýalaryň agdyklyk edýändigini hem belläp geçdi. PitchBook-yň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýalar eýýämden 30 milliard dollardan gowrak maýa goýum hem aldylar. Ýakyn wagtda ýene-de, takmynan, 50 milliard dollar möçberinde maýa goýumyň çekilmegine garaşylýar.
FT maýa goýumlaryň artmagyny emeli aň (EA) tehnologiýalarynyň ösmegi bilen baglanyşdyrýar. 2021-nji ýylda maýa goýumlaryň iň ýokary derejesine ýetmegi, maýa goýum tapgyrlarynyň ulalmagy we kompaniýalaryň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolupdy. Şonda hersi 100 million dollarlyk 854 şertnama baglaşylypdy. 2024-nji ýylda maýa goýumlaryň mukdary 2021-nji ýylyň derejesine golaýlaşdy. Emma bazar öňküsinden tapawutly ýagdaýda, has ýygnanyşykly we belli-belli iri kompaniýalaryň elinde jemlenýär.
Soňky iki hepdäniň dowamynda Stripe fintech kompaniýasy, kompaniýanyň umumy bahasyny 91,5 milliard dollar bilen kesgitlän täze maýa goýum tapgyryny hödürledi. Emeli aň pudagyndaky Anthropic startapy bolsa, kapitalizasiýa bahasynyň 61,5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. FT-niň maglumatlaryna görä, OpenAI kompaniýasy SoftBank bilen 260 milliard dollar bahalandyryş bilen, 40 milliard dollar möçberinde maýa goýum çekmek boýunça gepleşikleri geçirýär. Eger bu geleşik baglaşylsa, ol taryhdaky iň uly maýa goýum tapgyry bolar.
Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary hem bir aýyň dowamynda, dörtden bir derejesinde gymmatlady. Bu ösüş DeepSeek kompaniýasynyň emeli aň modeliniň üstünlik gazanmagy bilen baglanyşykly. Ýatlatsak, bu model 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda hemmä elýeterli edilipdi.


04.02.2026 12:43
7.6k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

31.01.2026 09:16
940

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

08.01.2026 21:04
4.7k+

Tesla Cybercab-y elden gidirdi: bu haryt nyşanyna içgi öndürýän kompaniýa dalaş edýär

Tesla kompaniýasy Cybercab haryt nyşanyny geljekki sürüjisiz taksisi üçin hasaba almak synanyşygynda kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. ABŞ-nyň Patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (USPTO) kompaniýanyň arzasyna seretmegini togtatdy...