Beýik Britaniýada barlaghanada döredilen et iki ýylyň içinde satuwa çykarylyp bilner

  • 13.03.2025 15:41
  • 4.6k+

Barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen et, süýt we şeker geljek iki ýylyň içinde ilkinji gezek Beýik Britaniýada satuwa çykyp biler. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

Azyk ülňüleri boýunça agentlik (FSA) barlaghana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen önümleri tassyklamak işini çaltlaşdyrmagyň ýollaryny öwrenýär. Şeýle önümler uly bolmadyk himiki fabrikalarda öýjüklerden ösdürilýär.
2020-nji ýylda Singapur adamlaryň sarp etmegi üçin öýjüklerden ösdürilip ýetirişdirilen etiň satuwyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Üç ýyldan soň Birleşen Ştatlar hem onuň göreldesine eýerdi, geçen ýyl bolsa olaryň hataryna Ysraýyl goşuldy. Italiýa hem-de Alabama we Florida ýaly amerikan ştatlary, tersine, şeýle önümleriň satuwyny gadagan etdi.


FSA ýokary tehnologiýaly azyk kompaniýalarynyň hünärmenleri we akademiki gözlegçiler bilen hyzmatdaşlykda täze düzgünleri işläp düzer. Agentligiň bellemegine görä, häzir barlaghana şertlerinde ösdürip ýetirişdirilen önümleriň howpsuzlygyna baha bermek boýunça ikiýyllyk proses başlandy.
FSA-nyň baş ylmy işgäri, professor Robin Meý sarp edijileriň howpsuzlygynyň ileri tutulýandygyny belledi. 

“Biz bähbitli bolup biljek, şol bir wagtyň özünde bu önümleriň mümkin boldugyndan ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün etjek düzgünleşdiriş ulgamyny işläp taýýarlamak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we ylmy toparlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris” – diýip, ol belledi.

Barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen azyk önümleri ownujak öýjüklerden ösdürilen ösümlik ýa-da haýwan dokumalarydyr. 


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......