Lamborghini bäbekler üçin kolýaska çykardy

  • 13.03.2025 14:55
  • 4.3k+

Lamborghini italýan lýuks awtoulag öndürijisi Beýik Britaniýanyň çaga harytlary öndürýän Silver Cross brendi bilen bilelikde işläp taýýarlan täze Reef AL Arancio «superkolýaska» modelini satuwa çykardy. Superkarlardan ylham alnyp döredilen kolýaska diňe ilkinji 500 müşderi üçin elýeterli bolar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär.

Reef AL Arancio kolýaskasynyň dizaýny Lamborghini-niň «Huracan» we «Urus» sportkarlaryndan ylham alýar. Onuň ýaryş oturgyjyny ýada salýan sebedi zamş materialdan we tebigy bambukdan taýýarlanypdyr. Şeýle-de çagalar üçin amatly ergonomiki kelle goldawy bar. Kolýaskanyň «salony» zamş bilen örtülen bolsa, onuň daşky korpusy karbondan ýasalan.


Kolýaskanyň ähli tekerleri üçin doly asma ulgamy bilen üpjün edilendir. Şeýlelikde, ol hatda iň erbet ýollarda-da ýeňil hereket etmäge we çaganyň rahatlygyna zyýan ýetirmezlige mümkinçilik berýär. Kolýaskanyň tutawajy hem sportkarlaryň rullarynda ulanylýan ýokary hilli italýan deri bilen örtülendir. Şeýle-de tutawajyň üstünde Lamborghini brendiniň polatdan ýasalan nyşany ýerleşdirilipdir.
Şeýle-de kolýaskada el tormozynyň funksiýasyny ýerine ýetirýän tormoz ulgamy bar. Bu tormoz polatdan ýasalyp, ol «Huracan» modellerindäki hakyky tormoz pedallaryna meňzeýär.
Superkolýaska diňe bir reňkde – gara-narynç görnüşde hödürlenýär. Onuň bahasy 4000 funt sterling bolup, bary-ýogy 500 sanysy öndüriler. Satuwyna Ýewropada we ABŞ-da eýýämden başlandy.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......