Üstünde 10 aý işlenilen we $3,5 mln harçlanan «Odin» enjamy Aýyň arkasynda ýitirim boldy

  • 13.03.2025 14:37
  • 3.4k+

Asteroidleri öwrenmek üçin uçurylan ilkinji hususy kosmos enjamy bolan "Odin", 27-nji fewralda Falcon 9 raketasy bilen uçurylan dessine ýüze çykan tehniki näsazlyklar sebäpli işini dowam etdirip bilmedi.

Öndüriji AstroForge munuň üçin iki esasy sebäbi görkezdi: açylmadyk Gün panelleri sebäpli energiýanyň çäkliligi we ugrukdyryş ulgamyndaky näsazlyk sebäpli enjamyň durnuklylygyny ýitirmegi. Aýyň aňyrsyndaky orbita (Ýerden takmynan 435 müň km uzaklykda) üstünlikli ýerleşdirilendigine garamazdan, Odin ýerüsti stansiýalar bilen aragatnaşygy ýitirdi. Bu barada «Space.com» neşiri ýazýar.
Enjam bilen aragatnaşygy dikeltmek örän kyn boldy, sebäbi ýerüsti stansiýalaryň hem näsazlyklary bardy: birinde signal polýarlygy nädogry boldy, beýlekisinde bolsa antenna dogry gönükdirilmändi. Bu ýagdaý buýruklaryň geçirilmegini gijikdirdi we 36 sagatdan soň Odin bilen aragatnaşyk düýbünden kesildi. AstroForge çäkli energiýanyň antennany Ýere gönükdirmäge mümkinçilik bermändigini we ugrukdyryş näsazlygynyň enjamyň doly gözegçilikden çykyp, tertipsiz aýlanmagyna sebäp bolandygyny çaklaýar. Odin diňe wagtal-wagtal gowşak signallary iberip bilipdir.
Odin kosmos enjamy 10 aýdan hem az wagtda taýýarlandy we umumy çykdajysy 3,5 million dollara düşdi. Agramy 120 kg bolan bu enjam, 2026-2027-nji ýyllarda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen Vestri missiýasynyň synag tapgyry bolup durýardy. Bu missiýanyň çäklerinde «2022 OB5» asteroidine gonup, platinoid gazyp almak göz öňünde tutulýardy.


18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...