Disney “Moananyň” sýužetiniň ogrulykdygy baradaky meselede ýeňiş gazandy

  • 13.03.2025 12:15
  • 3k+

Disney studiýasy “Moananyň” sýužetiniň bölekleriniň ogurlanan bolmagynyň mümkindigi baradaky kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Arzany animator Bak Wudoll berdi, ol kompaniýany öz durmuşa geçirmän galan “Baki” multfilmi üçin ýazylan edebi esasyny ulanmakda günäleýär diýip, Variety belleýär.

Emin agzalary üç sagat töweregi ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň, Disney-iň Wudollyň 2011-nji ýyldaky edebi esasyna ýa-da onuň has irki wersiýalaryna elýeterliliginiň bolup bilmejekdigini biragyzdan tassykladylar. “Moananyň” döredijilerine onuň eseriniň tanyş bolmagynyň mümkin däldigi sebäpli, sýužetiň meňzeş bölekleriniň bar bolmagy meselesi aradan aýryldy.
Wudoll edebi esasy 2004-nji ýylda Disney bilen baglanyşykly kompaniýada işleýän daşgyn garyndaşyna berendigini tekrarlaýardy. Ol “Baki” bilen “Moananyň” gahrymanlarynyň çalymdaşdygyny we sýužetiň ownuk böleklerine çenli meňzeşligiň bardygyny öňe sürdi. Ikisinde-de baş gahrymanlar ene-atalaryna gulak asman, howply ýola çykan ýetginjekler. Syýahat wagtynda “Moananyň” we “Bakiniň” gahrymanlary haýwan sypatynda görünýän ruhlara duşýarlar, şeýle hem ýolda ýyldyzlardan çelgi alýarlar. Iki ýagdaýda-da sýužetde monjuk, jadyly balyk çeňňekli tatuirlenen ýarymhudaý we dagda gizlenen äpet jandar bar.
Disney-iň hukukçylary esasy tapawutlary bellediler: Baki - Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň yklym böleginden, Moana bolsa adada ýaşaýan, Okeaniýa halklarynyň wekili. Baki biziň günlerimizde ýaşaýar, “Moanadaky” wakalar bolsa uzak geçmişde bolup geçýär. Baki ýönekeý ýetginjek, Moana - öz halkynyň geljekki serdary. Bakiniň maksady - sýorfingi öwrenmek, Moananyň wezipesi bolsa has möhüm – öz deňizçi taýpadaşlarynyň şöhratly taryhyny dowam etdirmek we adany heläkçilikden gutarmak.
Wudollyň Disney-i kazyýete berşi ilkinji gezek däl. Ilkinji kazyýet işiniň möhleti gutaranlygy sebäpli kazy tarapyndan ýatyryldy – “Moana” ekranlara 2016-njy ýylda çykypdy. Şeýle-de bolsa, multfilmiň 2017-nji ýylda wideoda görkezilmegi animatora Buena Vista Home Entertainment-e garşy ikinji kazyýet işini açdyrmaga mümkinçilik berdi.
Animatoryň aklawçysy başga ýollary gözlemegi wada berdi. Bu wariantlaryň biri eýýäm işleýär: 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda animator “Moana 2-niň” ekranlara goýberilmeginden peýdalanyp (onuň pikiriçe, dowamynyň hem “Baki” bilen meňzeşligi bar) peýdalanyp, Disney-den 10 milliard dollar ýa-da franşiza tarapyndan gazanylan girdejiniň 2,5 göterimini talap edip, üçünji kazyýet işini açdyrdy. Bu kazyýet işi häzirlikçe seljerme tapgyrynda.


düýn 16:05
3.7k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 11:04
3.6k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....

25.04.2026 15:52
1.2k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

24.04.2026 19:16
3.4k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....