Ilon Mask hökümet işgärleri üçin hususy çat-botuny işe girizdi

  • 12.03.2025 19:00
  • 4.1k+

Döwlet emlägini we käbir IT başlangyçylaryny dolandyrmak bilen meşgullanýan ABŞ-nyň Umumy hyzmatlar administrasiýasynyň (GSA) işgärleri öz işlerinde Ilon Maskyň tehnologiýasynyň esasynda döredilen GSAi çat-botuny ulanyp başlady. Ol gündelik işleri awtomatizirläp, şertnama we satyn alyş boýunça maglumatlary seljermäge kömek edýär.

Wired neşiriniň maglumatlaryna görä, çat-bot hat ýazmak, tezis döretmek, tekstleri umumylaşdyrmak we programmirlemek ýaly işleri ýerine ýetirýär.
Ulanyjylar üç modeliň arasynda saýlap biler: Claude Haiku 3.5 (deslapky), Claude Sonnet 3.5 v2 и Meta Llama 3.2.
Häzir çat-bot 1 500 işgär üçin elýeterli, ýöne geljekde onuň gerimi giňeldiler. Işe girizmezden ozal çat-bot çäkli toparda synagdan geçirildi. GSA-nyň içerki resminamalarynda federal ýa-da şahsy maglumatlar ýaly töwekgelçilikli maglumatlary girizmegiň gadagandygy bellenilýär.
Bu üýtgeşme GSA-da 1 000-den gowrak adamyň, şol sanda tehniki bölümiň 90 işgäriniň işden çykarylyp, iş orunlarynyň azaldylmagynyň esasynda peýda boldy. Çat-botuň ornaşdyrylmagy ýaly köpçülikleýin işden çykarmalar hem Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet netijeliliginiň departamenti (DOGE) tarapyndan durmuşa geçirilýän maksatnamanyň bir bölegi boldy.
Soňky hepdelerde DOGE üç ýyl bäri ýetmezçilik bilen işleýän hökümetde çykdajylary işjeň azaldýar. Işgärler bölümi hepdede bäş gün ofis işine gelip bilmeýän işgärleri işden çykarmaga iterýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......