Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri bilen “görmek” mümkinçiligini hödürlär

  • 11.03.2025 22:19
  • 1.5k+

Apple kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen daşky gurşawy skanirläp, maglumatlary gaýtadan işlemek üçin Apple Intelligence-e geçirýän kameralary bolan AirPods-yň üstünde işleýär. Ol ulanyjylara smartfony çykarmazdan, ýerleşýän ýeriňi bilmäge, nawigasiýany almaga kömek edip, obýektleri suratlandyryp biler diýip, Bloomberg habar berýär.

Akylly görüş tehnologiýasy eýýäm iPhone 16-da işleýär, ýöne predmet ýa-da ýer barada zerur maglumaty almak üçin kamerany el bilen olara gönükdirmeli. AirPods muny awtomatik ýerine ýetirer. Kameralar çuňlugy kesgitleýän we hatda garaňkyda hem predmetleri tanaýan infragyzyl sensorlara eýe bolar. Şeýle kameralar energiýany tygşytlaýar we ekrana yzygiderli birikmegi talap etmeýär.
Şeýle tehnologiýanyň kömegi bilen EA kafe ugrukdyryp biler ýa-da ulanyjynyň nirede ýerleşýändigini habar bermek üçin ýazgylary, jaý belgilerini seljerip biler. Zerur binany gözlemek üçin, diňe kelläňi dogry tarapa öwürmek ýeterlik.
AirPods, aýratynam, görüş ukyby pes bolan adamlar üçin peýdaly bolar – olar diňe bir nawigasiýany bermän ýa-da obýektleri tanaman, eýsem päsgelçilikleri aýdyp biler.
Ilkibaşda Apple şeýle maksatlar üçin Apple Glass AR-äýnegini göz öňünde tutupdy, ýöne taslama agramy, gowşak awtonomlygy we dizaýn kynçylyklary sebäpli togtadyldy. AirPods-da bu meseleler ýok: olar ýeňil, göze agram salmaýar we islendik aksessuar bilen gabat gelýär. Şeýle-de, kompaniýa Ray-Ban stilinde kameraly äýnek çykarmagy göz öňünde tutdy, ýöne ýokary baha we oňaýsyzlyk bu pikiri aradan aýyrdy.
Häzirlikçe kompaniýa täze nauşnikleriň çykjak takyk senesini aýtmady, ýöne bilermenler munuň 2-3 ýyldan bolup biljekdigini çaklaýar. Şeýle nauşnikler dakylýan elektronikada uly öňegidişlik bolup biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...