Dünýä boýunça ofislerde haýsy emeliň aň guraly köp ulanylýar – barlag

  • 11.03.2025 21:50
  • 2k+

ChatGPT dünýä boýunça ofis-edaralarda iň meşhur emeli aň (EA) guraly boldy. Muny «DeskTime-yň» gözlegi tassyklaýar diýip, «TechRadar» habar berýär.

Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň dekabryna çenli bu EA guraly bütin dünýä boýunça kompaniýalaryň 75,9%-ine ornaşdyryldy.
Bu görkezijide lider ýurt Hindistan boldy: soragnama gatnaşyjy kompaniýalaryň 92%-i ondan peýdalanýan eken. ABŞ-da bu görkeziji 2023-nji ýylda 68% bolsa, 2024-nji ýylda 72%-e ýetdi, emma ösüş tizligi dünýäniň umumy derejesinden pes.
Işgärler geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ChatGPT-ni ulanmaga 42,6% köp wagt sarp edýärler. Şahsy ulanyşyň görkezijisi 17%-den 28,3%-e çenli ýokarlandy.
Şol bir wagtda ABŞ-daky kompaniýalar ChatGPT-ni ornaşdyrmagy haýallatdy, muny gizlinlik syýasatlary we çäklendirmeler bilen baglanyşdyrýarlar. Apple, Amazon we Bank of America ýaly iri kompaniýalar maglumat howpsuzlygy töwekgelçilikleri sebäpli, ony iş proseslerinde çäklendirýärler. Täze kompaniýalar hem seresaply çemeleşmäge dowam edýärler.
Ulanyş işjeňligi möwsümleýin üýtgeýär: meselem, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda bu görkeziji 63%-e gaçdy, oktýabr aýynda bolsa 81%-e ýetdi.
Şeýle hem, Hindistan diňe bir ofisleriň ChatGPT-ni ulanmak derejesi boýunça däl, eýsem işgärleriň işjeňligi bilen hem tapawutlanýar. Bu ýurtda çalt ösýän tehnologiýalar we ýaş ilatyň orny bilen baglanyşdyrylýar.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......