Robert Pattinsonly «Mikki 17» filmi 10 günde 53 mln dollar girdeji gazandy

  • 11.03.2025 15:15
  • 3.9k+

«Oskar» baýrakly režissýor Pon Jun-ho tarapyndan düşürilen «Mikki 17» satirik fantastiki filmi prokatynyň ilkinji 10 gününde 53 million dollar girdeji toplady diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Robert Pattinsonyň gatnaşmagyndaky bu film ABŞ-da 19,1 mln dollar, daşary ýurtlarda bolsa 34,2 mln dollar girdeji gazandy. Warner Bros. tarapyndan surata düşürilen bu filmiň umumy býujeti marketing bilen bilelikde, takmynan, 200 mln dollara deň boldy.
Edward Eştonyň «Mikki 7» atly romanynyň ekranlaşdyrylan görnüşi ýakyn geljekde bolup geçýän wakalary gürrüň berýär. Adamzat planetalary kolonizasiýa etmek üçin klonlary ulanýar. Şol klonlaryň biri bolan Mikki Barns ýörite missiýa ugradylyp, ýitirim bolýar. Emma ol yzyna dolanyp gelende, öz ýerine täze android görnüşindäki çalşygyň bardygyny görýär.
Filmde Mark Ruffalo, Toni Kollett, Stiwen Ýan we Naomi Aki hem çykyş edýärler.
Tankytçylar filmi gowy garşy aldylar: Rotten Tomatoes-da 78%, Metacritic-de bolsa 73 bal toplady.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......