McDonald's dünýädäki 43 müň restorany emeli aň bilen enjamlaşdyrar

  • 11.03.2025 13:20
  • 2.8k+

McDonald's dünýädäki 43 müň sany restoranynda emeli aň tehnologiýasyny işe girizýär. Kompaniýa neýroulgamyň kömegi bilen işi ýönekeýleşdirmegi we işgärler üçin dartgynlylygy kemeltmegi, şeýle hem müşderilere hyzmat edilişini gowulandyrmagy göz öňünde tutýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň käbir ýerlerinde üstünlikli synag edilen bu tehnologiýa 2025-nji ýylda has hem giňden ýaýradylar.
McDonald's-yň maglumat tehnologiýalary boýunça direktory Braýan Raýsyň sözlerine görä, EA enjamlarda näsazlygyň ýüze çykmagy we müşderiler bilen özara gatnaşyk ýaly gündelik meseleleri çözmäge kömek edip biler.
Kompýuteriň görüş ulgamy sargytlary barlamak bilen ýalňyşlyklary azaldýar, IBM bilen hyzmatdaşlykda döredilen ses tehnologiýasy sargytlaryň resmileşdirilişini çaltlaşdyrýar. Aşhanadaky datçikler ýüze çykyp biljek bökdençlikleri öňünden çaklamak bilen, enjamlary hakyky wagtda seljerýärler. EA bilen işleýän wirtual dolandyryjy çalşyklary meýilleşdirmäge kömek edýär.
Şeýle-de bolsa, taslama kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar: françaýzler we işgärler üýtgeşmä garşy çykyp bilerler. Seljerijiler çykdajysynyň köp boljakdygyna ünsi çekýärler we awtomatlaşdyrmagyň ýerine işgärleri taýýarlamaga maýa goýulsa gowy boljakdygyna ynanýarlar.


04.06.2026 23:16
4.7k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

02.06.2026 11:43
4.4k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....