MrBeast girdejisiniň 90%-ini täze wideo düşürmäge sarp edýär

  • 11.03.2025 08:21
  • 5.5k+

Meşhur Youtube-blogeri MrBeast tarapyndan dolandyrylýan Beast Industries kompaniýasy kontent  önümçiligine çykdajylaryň ýokarydygy sebäpli, ýitgi çekmeli bolýar. Wideodan gelýän girdejisiniň 90%-i täze wideolary döretmäge gönükdirilýär diýip, maýa goýujylar üçin tanyşdyrylyşdan syzdyrylan maglumatlara salgylanýan The Verge ýazýar.

Esasan Feastables şokolad brendiniň önümini satýan Beast Industries söwda bölüminiň girdejisi  2024-nji ýylda kontent bilen deňleşdi. Geçen ýyl, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, arassa satuw 160%-i görkezdi, şu ýyl bolsa 100% bolar diýlip çaklanylýar.
Kompaniýa 2024-nji ýylda 500 million dollar gazandy, bu bolsa 2023-nji ýyldakydan 123% köpdür. Girdejiniň şu ýyl 900 million dollar we 2026-njy ýylda bolsa 1,6 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.
Ösüşine garamazdan, kompaniýa girdejisiz bolmagynda galýar, soňky ýyllarda ol, takmynan, 200 million dollar ýitirdi. MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) ähli gazananlaryny täzeden maýa goýjakdygyny we bank hasabynda bir million dollardanam az pul galandygyny aýtdy. Soňky aýlarda bloger 200 million dollar toplamak üçin maýa goýujylar bilen gepleşik geçirdi. Üstünlikli bolsa, bu Beast Industries-yň bahasyny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrar. Geljekde MrBeast önümleriň görnüşini artdyrmak bilen, oňa içgileri, sowuk naharlary we patraklary goşmagy, şeýle hem ykjam oýunlary goýbermegi meýilleşdirýär.


20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.4k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....

01.05.2026 07:25
1.1k+

YouTube-daky "surat içinde surat" režimi ähli ulanyjylar üçin mugt bolar

YouTube wideoplatformasy resmi taýdan "surat içinde surat" görmek režimini ähli ulanyjylar üçin abuna ýazylmazdan elýeterli eder. Degişli maglumat Google-yň websaýtynda çap edildi, onda bu täzelenmäniň......