«Awatar 3» franşizanyň iň dowamly filmi bolar. Ikinji bölüm 3 sag 12 min dowam edýär

  • 11.03.2025 08:14
  • 2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» franşizasynyň üçünji bölüminiň — «Ot we kül» (Огонь и пепел) filminiň dowamlylygynyň öňki bölümlerden has uzak boljakdygyny mälim etdi.

Mundan ozal, iň uzak dowam eden film «Awatar: Suwuň ýoly» (Путь воды) bolup, ol 3 sagat 12 minut dowam edipdi.
Kemeron köp sanly pikirleriň bolandygy üçin, wakalary birnäçe bölege bölmek kararyna gelendiklerini aýtdy.

«Bizde ajaýyp pikirler diýseň köp boldy, [film] ýokary tizlikli otly ýaly öňe barýardy, emma biz gahrymanlara ýeterlik üns berip bilmändik. Şonuň üçin men: „Ýigitler, biz olary bölümlere bölmeli“ diýip aýtdym» — diýip, režissýor «Empire» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Üçünji filmiň sýužeti Pandoranyň rehimsiz we söweşjeň ilaty bolan «Kül halky» - Na’wi atly täze tire barada gürrüň berer.
Filmde Sem Uortington, Zoi Saldana, Sigurni Uiwer, Keýt Uinslet we beýleki ýyldyzlar surata düşdi. «Ot we kül» filminiň premýerasy 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolar. Dördünji bölüm 2029-njy ýylda, bäşinji bölüm bolsa 2031-nji ýylda çykarylar.


düýn 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....