Milliarderler elektromobillere geçmäge howlukmaýarlar. Sebäbi?

  • 11.03.2025 08:03
  • 9.2k+

Elektromobilleriň meşhurlygy barha artýar, emma premium gatlakda bu ulaglara seresaplylyk bilen garaýarlar. Ýokary gatlak henizem içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary halaýarlar. Munuň sebäbi - elektrik modelleriniň ýaýramagy bilen ýitip barýan dereje, duýgular we üýtgeşiklikdir diýip, Speedme neşiri ýazýar.

Lýuks brendleriniň arasynda diňe Rolls-Royce "Specter" modeliniň üstünligi bilen bazarda oňyn netijeleri gazandy. Şol bir wagtyň özünde Porsche "Taycan" satuwynyň peselendigini bellige alýar, Rimac bolsa Nevera-synyň ýerlemäge meýilleşdiren ähli nusgasyny satyp bilmeýär.
Çeşmäniň bellemegine görä, elektromobiller indi üýtgeşik bir zat däl, olar has elýeterli bolup barýar. Lamborghini bilen Ferrari müşderileriniň diňe bir kuwwata däl, eýsem adaty hereketlendirijili awtoulaglaryň berýän häsiýetine, sesine we üýtgeşiklik duýgusyna-da baha berýändiklerine göz ýetirip, elektrikleşmeklige seresaplylyk bilen ýakynlaşýar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......