YouTube blogeri köçede 38 sagat hereketsiz durup, rekord goýdy

  • 11.03.2025 00:41
  • 11k+

Norme ady bilen tanalýan YouTube blogeri dünýä rekordyny goýmak üçin köçede 38 sagatlap gymyldaman durdy. Onuň bu hereketiniň ýaýlymy onlaýndan daşary hem birtopar tomaşaçyny özüne çekdi.

Ol berk düzgünlere garamazdan, synagdan geçmegi başardy. Düzgünlere görä, egilmek, oturmak ýa-da duran ýagdaýyňy üýtgetmek bolmaýar. Onuň dostlary huşuny ýitirmezligi üçin ony pizza bilen naharlady.
Tomaşaçylar Normeniň duran ýerini derrew bildiler. Onuň muşdaklary we ötegçiler bu ýagdaýa dürlüçe garady: käbirleri onuň ýüzüne surat çekdi, egin-eşigine boýag sepdi, ajyhurş dökdi, beýlekiler bolsa, tersine, oňa eşik berdi. Normen bularyň ählisine çydamagy başardy.
2024-nji ýylda Norme başga bir rekord üçin göni ýaýlymda 11 gije-gündiz ýatman, auditoriýany haýran galdyrypdy. Şonda YouTube “jemgyýetçilik düzgünlerini bozandygy” üçin bu ýaýlymy petikledi, onuň akkauntyna ýazylan ulanyjylar bolsa tiz kömek çagyrdy. Ol ukusyz 264 sagat 24 minut saklanmagy meýilleşdiripdi, ýöne Ginnesiň rekordlar kitaby şeýle üstünlikleri birwagtlar hasaba almakdan ýüz öwürdi. Ýagny, gurama 1997-nji ýylda uky ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biljek töwekgelçiliklerden howatyrlanyp, şeýle üstünlikleri yzarlamagyny bes etdi. Soňky gezek ukusyz rekord 1986-njy ýylda Robert MakDonald tarapyndan goýuldy, ol 453 sagat 40 minut ýatmady. 


düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....