«Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä» $370 mln gazandy – özüni ödemek üçin oňa $400 mln gerek

  • 11.03.2025 12:45
  • 4.5k+

Dördünji uikendden (hepde ahyryndan) soň «Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä» filminiň ABŞ-daky girdejisi bary-ýogy 8,5 mln dollar boldy. Filmiň umumy içerki girdejisi bolsa, 177 mln dollara ýetdi — ol bu görkeziji boýunça, Marvel-iň diňe «Ölmez-ýitmezler» (Вечные) we «Kapitan Marvel 2» filmlerinden has gowy netije görkezdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Dördünji «Kapitan Amerika» filminiň umumy girdejisi 370 mln dollar boldy. Baş keşbi Entoni Maki tarapyndan ýerine ýetirilýän filmiň girdejisi çalt pese gaçýar we 400 mln dollarlyk halas ediji sepgide ýetip bilmejek ýaly bolup dur. Sebäbi, ozal içerki çeşmeler filmiň öz çykdajylaryny ödäp bilmegi üçin azyndan şol mukdara ýetmelidigini habar beripdiler. Gyzykly tarapy, film seriýanyň öňki bölümleri bilen deňeşdirilende gowy netije gazandy, emma bu hasaplamalarda petekleriň bahalarynyň ýokarlanmagy göz öňüne tutulmady.
Analitikler filmiň pes girdejisini negatiw synlar bilen baglanyşdyrýarlar – häzirki wagtda filmleriň synlaryny jemleýän platformalarda onuň ortaça baly 10-dan 5,5. Mundan başga-da, «Ajaýyp täze dünýä» Marvel kino äleminiň taryhynda tomaşaçylardan iň pes baha alan film boldy – synçylaryň berýän görkezijisi «B-» derejesinde galdy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......