Nebitiň bahalary soňky üç ýylyň iň pes derejesine gaçdy

  • 11.03.2025 00:05
  • 4.3k+

Nebitiň bahalary düşüp, soňky üç ýylyň iň pes derejesine ýetdi. Muňa söwdagärleriň aladalary sebäp boldy. Olar ABŞ-nyň täze girizýän nyrhlarynyň (gümrük paçlarynyň) dünýäniň ykdysadyýetine we ýangyç islegine täsir edip biljeginden howatyrlanýarlar diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

«Nyrhlaryň näbelliligi bahalaryň peselmeginde esasy faktor bolup durýar» — diýip, ING-iň analitikleri belleýärler.

Duşenbe güni Brent haryt nyşanly nebitiň fýuçersleriniň bahasy -0,55% aşak gaçyp, bir barrel üçin 69,97 dollar boldy. WTI haryt nyşanly nebitiň fýuçersleriniň bahasy bolsa -0,64%-e çenli arzanlap, bir barrel üçin 66,61 dollara deň boldy.
Geçen hepde Brent nebitiň bahasy 2021-nji ýylyň ahyryndaky iň pes derejä, ýagny 68,33 dollara çenli pese gaçdy. Munuň sebäbi bolsa, nyrhlar bilen bagly aladalar we OPEC+ guramasynyň nebitiň önümçiligini artdyrjakdygy baradaky çaklamalardyr.
WTI nebiti yzygiderli ýedinji hepde arzanlamagyny dowam etdirip, 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri, iň uzak wagtlap dowam eden pese gaçyş tapgyryny başdan geçirýär. Brent nebiti hem yzly-yzyna üçünji hepde arzanlap gelýär. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Kanadadan we Meksikadan nebitiň getirilişine gümrük pajyny girizmegi, soňra bolsa kararyny yza süýşürmegi, şeýle-de Hytaýdan gelýän harytlaryň gümrük pajyny artdyrmagy bahalaryň has-da pese gaçmagyna itergi berdi. Hytaý bolsa, muňa garşylyk hökmünde ABŞ-dan we Kanadadan gelýän oba hojalyk harytlaryna nyrh girizip, jogap gaýtardy.
Şeýle hem OPEC+ ýurtlarynyň nebitiň önümçiligini artdyrmagy, Saud Arabystanynyň nebitiň bahasyny peseltmegi we Hytaýdan gelip gowuşýan deflýasiýa alamatlary ýaly beýleki faktorlar hem muňa öz täsirini ýetirdi.

«Şeýle-de bolsa, negatiw täsirleriň köpüsiniň bahalara eýýäm siňendigini göz öňünde tutsak, 65/62 dollar derejesinde goldawyň bolmagyna we bahalaryň 72 dollara çenli dikelmegine garaşýarys» — diýip, ING-iň analitigi Toni Saýkamor belleýär.

OPEC+ ýurtlary aprelden başlap nebit önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýärler. Emma Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň sözlerine görä, bazardaky deňagramsyzlyga baglylykda bu karar täzeden gözden geçirilip bilner.


02.06.2026 12:40
3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...