iPhone 17 Air smartfonynyň ýogynlygy 5,5 mm bolar

  • 10.03.2025 16:16
  • 6.8k+

iPhone 17 Air smartfonynyň ýogynlygy bary-ýogy 5,5 mm bolar. Bu barada insaýder Ice Universe habar berýär.

Apple-iň geljekki smartfonynyň beýikligi 163 mm, ini 77,6 mm bolup, iPhone 17 Pro Max flagman smartfonyny gaýtalar, ýöne bu smartfon kuwwatly akkumulýatora eýe bolandygy sebäpli, has ýogyn – 8,725 mm. Smartfonlaryň ikisi-de iPhone 16 Pro Max ýaly 1,15 mm çarçuwaly 6,9 dýuým ekran bilen üpjün ediler.
Smartfon inçe bolsa-da, awtonomlyk zyýan çekmez diýip, analitik Ming-Çi Kuo belleýär. Onuň maglumatlaryna görä, iPhone 17 Air dykyzlygy ýokary bolan akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar, bu tehnologiýa soňlugy bilen eplenýän iPhone-da ulanylar. Apple-iň öz taýýarlan täze C1 modemi bolsa energiýa netijeliligini has ýokarlandyrar.
Kamera hem üýtgeşmä sezewar bolar: ultra giňburçly modul bir sensor bilen çalşyrylar, çaklama suratlaryndan çen tutsaň, kamera blogunyň dizaýny, öňe çykyp duran görnüşe eýe bolar.
iPhone 17 Air-iň tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň sentýabrynda bolmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...