Honda bir zarýadda 650 km-e çenli ýol geçip bilýän täze S7 ulagyny hödürledi: bahasy 36 müň dollardan başlaýar

  • 10.03.2025 16:02
  • 3.5k+

Honda kompaniýasy Dongfeng hytaý awtoulag öndürijisi bilen bilelikde işläp düzen täze S7 elektrokrossowerini tanyşdyrdy. Bu model premium derejesindäki ulag hökmünde hödürlenýär. Şeýle-de bolsa, 36 müň dollarlyk başlangyç bahasy bilen, müşderiler üçin elýeterli çözgütleriň biri hasap edilýär.

S7-niň esasy görnüşi yzky tekerlerden hereketlendirilýän ulgam we 268 at güýjüni öndürýän elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Hytaýyň CLTC standartyna görä, bu model bir gezeklik zarýad bilen 650 km-e çenli ýol geçip bilýär. Has güýçli görnüşi bolsa dört tekerden doly hereketlendirilýän ulgam bilen üpjün edilýär we 469 at güýjüni öndürip bilýär. Bu görnüşiň ýol ätiýaçlygy bolsa 620 km-e çenli ýetýär.
Bu krossower «W» platformasynyň binýadynda gurlup, 90 kWt/sag güýçli batareýa bilen üpjün edilýär. Batareýanyň iň möhüm aýratynlygy, -30°C-ä çenli aşa pes temperaturada hem zarýadynyň 90%-den gowragyny saklap bilmegidir. Bu bolsa gyş şertlerinde hem ulagyň durnukly işlemegini üpjün edýär.

Ulagyň dizaýny 1256 elementden ybarat LED yşyklandyryş ulgamy we adaty yzky aýnalaryň deregine ornaşdyrylan kameralar bilen tapawutlanýar. Salony hem häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrylan. Salonynda 12,8 dýuýmlyk dik sensor ekran we sürüjiniň gözüniň derejesinde ýerleşýän kiçi sanly panel bar.
S7 modeli birnäçe premium aýratynlyklara eýedir. Olaryň hatarynda adaptirlenýän asma ulgamy, ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilen pol örtügi we 16 sany dinamikadan ybarat Bose ses ulgamy bar.
Ulagyň ölçegleri: uzynlygy – 4750 mm, ini – 1930 mm, beýikligi bolsa – 1625 mm
Täze krossower orta derejeli ulaglar üçin adaty bolmadyk aýratynlyklary özünde jemleýär. Honda S7 Hytaýyň elektromobil bazaryndaky bäsdeşlerine stili we tehnologik mümkinçilikleri bilen çynlakaý garşylyk görkezýär.


düýn 01:38
5.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......