Marvel «Gök gürledijileriň» A24 indi-film stilindäki tizerini hödürledi

  • 10.03.2025 15:35
  • 3.2k+

Marvel kompaniýasy «Gök gürledijiler» filminiň A24 studiýasynyň stilindäki üýtgeşik tizerini hödürledi. Wideoda indi-kompaniýanyň taslamalary bilen tanalýan aktýorlar we surata düşüriji topar görkezilýär.

Geljekki blokbasterde baş gahrymanlary Florens Pýu, Sebastýan Sten we Juliýa Lui-Dreýfus ýerine ýetirer.
Filmiň režissýory Jeýk Şreýer bolup, ssenarisini Li Sun Jin we Joanna Kalo ýazdy – bu üçüsi mundan ozal hem «Garpyşyk» (Грызня) serialynda bilelikde işleşipdiler. Operatory Endrýu Droz Palermo, montažy Harri Ýun ýerine ýetirdi, sazyny bolsa Son Lux topary döretdi. Şeýlelikde, filmde hakykatdanam A24 studiýasynyň birnäçe esasy taslamalarynda bile işleşen toparlar jemlenýär.
Filmde anti-gahrymanlardan ybarat topara hökümetiň buýrugy bilen wezipe goýulýar. Keşpleriň arasynda Gara Dul Elena Belowa, Gyş Esgeri, Baki Barns, Gyzyl Goragçy we Jon Uoker bar.
«Gök gürledijiler» filminiň bütindünýä premýerasy 2-nji maýa meýilleşdirilýär. Film Marvel kino äleminiň Bäşinji tapgyrynyň bir bölegi bolar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......