Nissan "Bayside Blue" öwüşginde täzelenen Z 2025 modelini hödürledi

  • 10.03.2025 15:03
  • 3.3k+

Nissan kompaniýasy täzelenen Z 2025 bilen tanyşdyrdy. Esasy üýtgeşikme GT-R R34-den tanyş bolan Bayside Blue öwüşgininiň gaýdyp gelmeginden ybarat. Tehniki häsiýetnamasy, bahasy öňküligine galdy. 

Şeýle hem kompaniýa gara üçekli iki reňkdäki Pearl White Tricoat we Solid Red görnüşlerini goşdy. Palitrada Black Diamond Pearl, Stealth Gray, Brilliant Silver, Gun Metallic we Rosewood Metallic görnüşleri galdy.
Model Sport we Performance wersiýalarynda 400 at güýjüni öndürýän (475 Nm) 3,0 litrlik biturbo V6 bilen enjamlaşdyrylandyr. Nismo-yň ýokarky görnüşinde hereketlendiriji, gowulaşdyrylan wpryskyň we sowadyş ulgamynyň hasabyna 420 at güýjüni (521 Nm) öndürýär. Esasy wersiýalary 9 tizlikli awtomat ýa-da 6 tizlikli mehanika Nismo bolsa diňe awtomat bilen elýeterlidir. 
Sport-uň esasy bezeg görnüşi 8 dýuýmlyk multimediýa ekrany, sanly gurallar panelini, kruiz-dolandyryşy we 18 dýuýmlyk tekerleri öz içine alýar. Performance wersiýasyna 19 dýuýmlyk süýüp ýasalan diskler, deri oturgyçlar, gyzdyryjyly aýnalar we sport pedallary girýär. Nismo kämilleşdirilen
aerodinamikany, üýtgedilen poweskany, ulaldylan tormozlary, Recaro oturgyçlaryny, şeýle hem hereketlendirijini işe girizmek we režim saýlamak üçin, üýtgeşik gyzyl düwmeleri aldy. 

Bahalary: 

  • Sport – 42 970 dollardan başlaýar, 
  • Performance – 52 970 dollardan başlaýar,
  •  Nismo – 65 750 dollardan başlaýar.

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....