Ýeriň deňiz buz örtügi 1979-njy ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi

  • 10.03.2025 12:09
  • 3.7k+

2025-nji ýylyň fewralynda deňiz buz örtüginiň, 1979-njy ýyldan bäri, iň pes derejesi hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Copernicus howanyň üýtgemegi boýunça gullugy habar berdi.

Alymlar deňiz buzunyň, ýagny ummanlaryň ýüzünde ýüzüp ýören doňan suwuň çalt ýitip barýandygyny aýdýarlar.

"Ählumumy maýlamanyň netijeleriniň biri - deňiz buzunyň eremegi we iki polýusda-da deňiz buzunyň pes ýa-da rekord pes derejede bolmagy, dünýäde deňiz buzlarynyň derejesiniň taryhy pes derejä düşmegine sebäp boldy" - diýip, Orta dessin howa maglumatlarynyň ýewropa merkeziniň howa barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Samanta Berjess mälim etdi.

Buzuň eremegi häki, ýöne bir san däl. Ol haýwanlaryň ýaşaýan örüsini daraldýar: polýar aýylarydyr deňiz pişikleri aw edýän we dynç alýan buz gatlaklaryny ýitirýärler. Mundan başga-da, açyk umman, ak buza garanda, Gün ýylylygyny has köp özüne siňdirýär, bu bolsa ählumumy maýlamaklygy çaltlaşdyrýar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......