Maserati islegiň pesligi sebäpli MC20 Folgore elektrik superkaryndan ýüz öwürdi

  • 09.03.2025 22:47
  • 3.3k+

Italiýanyň Maserati brendi kuwwaty 1200 at güýjüne deň bolan MC20 Folgore elektrik superkarynyň taslamasyny ýatyrdy. Munuň sebäbi superkar segmentinde elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmanyň ýoklugy bilen bagly. Bu barada Maseratiniň Demirgazyk Ýewropadaky ýolbaşçysy Mariangela Del Wekkýo habar berdi.

Muňa derek kompaniýa V6 hereketlendirijili benzin bilen işleýän MC20 feýsliftinginde ünsi jemlär. Bu wersiýa 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda hödürlener.
Ilkibaşda MC20 Folgore doly elektrik önümçiligine geçmek üçin Dare Forward 2030 strategiýasynyň bir bölegi hökmünde meýilleşdirilipdi. Superkarda üç sany elektrik hereketlendirijisi we batareýa bolmalydy. Emma indi brendiň geljekde elektrikleşdiriljegi näbelli bolup galýar.
Nettuno-nyň 3,0 litrlik turbo görnüşli V6-sy bilen täzelenen MC20-nyň dizaýnynyň bamperler, faralar, içki böleginiň bezegi bilen üsti ýetiriler we podweskasynyň, tormozlarynyň ýa-da kuwwatynyň gowulaşmagy mümkin. Bu golaýda V8-e geçmeklik meýilleşdirilmeýär.
Maseratiniň karary, elektrik ulagy bazarynyň ösýändigine garamazdan, elektrik superkarlaryna bolan islegiň haýallaýandygyny görkezýär.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......