Apple iPhone we iPad-ler üçin mmWave tehnologiýasyny goldaýan täzelenen C1 modemini taýýarlaýar

  • 09.03.2025 22:14
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy mmWave goldawy bolan C1 modeminiň täze wersiýasyny işläp taýýarlaýar. Bu çip maglumat geçiriş tizligini çaltlaşdyrar we enjamyň energiýa netijeliligini gowulandyrar. Şeýlelikde, kompaniýa flagman iPhone 16 modellerinde ulanylýan Qualcomm modemlerine garaşlylygyny azaltmaga ýene bir ädim ýakynlaşar.

Häzirki wagtda iPhone 16e modellerinde ulanylýan C1 wersiýasy tizligi boýunça Qualcomm-dan yza galýar we mmWave-i goldamaýar. Üpjünçilik zynjyry boýunça analitik Ming-Çi Kuo täze C1 çibiniň bu kemçilikleri düzetjekdigini, gysga aralyklarda ýokary öndürijilik berjekdigini belleýär. Bu bolsa şäher şertleri üçin örän amatlydyr.
Mundan başga-da Apple täzelenen çibiň ýük astynda durnukly bolmagyna we energiýa sarp edilişini peseltmäge aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýuka we ýeňil enjamlarda örän möhümdir.
Täzelenen modem çykmagyna garaşylýan iPhone 17 Air modelinde ilkinji gezek ulanylyp bilner. Bu enjam, kämilleşdirilen C1 çibiniň synag meýdançasy hökmünde hyzmat eder. Mundan başga-da çibiň mobil aragatnaşykly iPad modellerinde hem peýda bolup biljekdigi aýdylýar, emma enjamlaryň sanawy häzirlikçe belli däl.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...