“The Last of Us” serialynyň 2-nji möwsüminiň soňky treýleri çykdy

  • 09.03.2025 21:08
  • 2.4k+

Adybir kompýuter oýny esasynda düşürilen “The Last of Us” serialynyň ikinji möwsüminiň soňky treýleri tötänden meýilleşdirilen goýberilişinden öň görkezildi. Wideo resmi taýdan çykmazyndan birnäçe sagat öň HBO-daky mahabat wstawkasynda görkezildi. Ikinji möwsüm 13-nji aprelde çykar we " The Last of Us: Part II " oýnunyň sýužetini dowam etdirer.

"Birinji möwsümdäki wakalaryň yzysüre gelen bäş ýyllyk parahatçylykdan soň, Joel bilen Elliniň umumy geçmişi, olary biri-biri we yzda galdyranlaryndan has howply we öňünden çaklap bolmajak dünýä bilen gapma-garşylyga çekip, olaryň üstüni basýar" - diýip, birinji möwsümiň sinopsisinde aýdylýar .  

Jemi ýedi bölüm bolar. Täze bölümlerde Pedro Paskal we Bella Remsi öz keşplerine gaýdyp gelýärler. Aktýorlar düzümine Keýtlin Dewer, Izabela Mersed we Jeffri Raýt dagy goşuldylar. Ozal janköýerlere “baý mazmunly” we “saldamly” bölümleri wada beren Kreýg Mazin ýene-de serialyň şouranneri boldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......