Ak tamda geçirilen ilkinji kriptosammit maýadarlaryň tamasyny ödemedi

  • 09.03.2025 14:36
  • 8.4k+

7-nji martda Ak tamda ilkinji kriptosammit geçirildi we onda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ele salnan aktiwlerden bitkoin ätiýaçlyklaryny döretmek meýilnamalary barada aýtdy. Ýöne maýadarlar has aýgytly ädimlere garaşypdy, bu hem kriptobazaryň kapitalizasiýasynyň peselmegine sebäp boldy.

Tramp tarapyndan gol çekilen permana görä, bitkoin ätiýaçlyklary jenaýat we raýat işlerinde ele salnan 200 müň BTC-den ybarat bolar, bu bolsa häzirki hümmet boýunça, takmynan, 17 mlrd dollara deňdir. Şeýle-de, “bitkoinden tapawutly” sanly aktiwleriň ätiýaçlygyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu aktiwleriň satuwy diňe Maliýe ministrliginiň rugsady bilen mümkindir.
Ak tamdaky kriptosammit häkimiýetleriň we kriptopudagyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen geçirildi. Tramp kabul edilen çäreleriň ABŞ-a “ägirt bitkoin döwletine” öwrülmäge kömek etjekdigini aýtdy we Söwda ministrligine hem Maliýe ministrligine ätiýaçlyklary býujet çykdajysy bolmazdan doldurmagyň täze usullaryny öwrenmegi tabşyrdy.
Maliýe ministri Skott Bessent Tether we Circle ýaly taslamalaryň, USDT we USDC emitentleriniň işi üçin hukuk esaslaryny döreder ýaly dollar steýblkoinleri (kriptowalýutalar) düzgünleşdirmek meýilnamalary barada aýtdy. Tramp degişli kanun taslamasyna 2025-nji ýylyň awgustyna çenli gol çekmegi meýilleşdirýär.


Maýadarlar Ak tamdan has aýgytly hereketlere garaşypdy – olaryň ABŞ-nyň hökümetiniň BTC-ni býujet serişdelerine satyn aljakdygy baradaky umytlary amala aşmady. Maýadarlaryň köpüsi şeýle tama bilen bazara goşulypdy diýip, analitikler Bloomberg bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Şonuň üçin bazar pese gaçyş bilen jogap berdi: bir günde onuň kapitalizasiýasy 2,8%, 2,83 trln dollara çenli pese gaçdy, BTC 3,21% - 86,2 müň dollara çenli, Solana, Cardano we XRP 3-7% arzanlady.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......