Volkswagen 20 müň ýewrodan ID. Every1 arzan elektrokarynyň nusgasyny görkezdi

  • 09.03.2025 07:18
  • 1.7k+

Volkswagen geljekki arzan elektromobili bolan ID. Every1-iň nusgasyny görkezdi. Kiçi göwrümli we bäş gapyly bu model 250 kilometrlik ýol ätiýaçlygy bilen üpjün ediler hem-de 20 müň ýewrodan satuwa çykar diýip, «Motor1» neşiri belleýär.

Awtoulagyň uzynlygy 3880 mm bolup, «VW Polo» modelinden kiçiräk bolsa-da, gurluş aýratynlyklary sebäpli, salonyň giňligi gazanylypdyr. Model öňki tirkegli «MEB» platformasynda gurlup, 95 at güýjüni öndürýän elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ýol ätiýaçlygy – 250 km, iň ýokary tizligi bolsa – 130 km/sag.
Elektromobiliň dizaýny geometrik çyzyklary we aýratyn teker arkalary bilen tapawutlanýar. Muňa garamazdan, model örän ýakymly görünýär. Yzky sütünleriň bezeginde nusgawy «VW Golf» modeline bolan salgylanmalar göze ilýär.

Salony bolsa gurnalyp-aýrylýan interýer bilen üpjün edilen. Şeýle-de oturgyçlaryny hem ýere tekiz ýatyryp bolýar. Enjamlaşdyrylyşynda uly merkezi ekran, howa sazlaýjy üçin fiziki düwmeler hem-de mehaniki sazlaýjylary bilen burçly rul bar.
«ID. Every1» modeli Volkswagen-iň arzan elektromobilleriniň model hataryny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi bolar. Geljekki ýyllarda kompaniýa, «ID. 2all» konseptiniň seriýa wersiýasyny hem-de jemi dokuz sany täze modeli çykarmagy meýilleşdirýär. Arzan elektromobilleriň çykarylmagy, konserni maliýe taýdan kadalaşdyrmagyň bir usuly hökmünde görülýär.
Ulagyň önümçiligine başlamak 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.


21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......