2025-nji ýylyň fewral aýy taryhda üçünji iň ýyly fewral boldy

  • 09.03.2025 06:17
  • 2.9k+

2025-nji ýylyň fewral aýy dünýäde üçünji iň ýyly fewral boldy. Ýewropanyň klimat gullugy Copernicus-yň maglumatlaryna görä, geçen aý howanyň ortaça temperaturasy 13,36°C boldy we bu 1991-2020-nji ýyllarda fewral aýynyň ortaça derejesinden 0,63°C ýokarydyr.

Mundan başga-da, bu görkeziji industrialdan öňki derejäni kesgitlemek üçin ulanylýan 1850-1900-nji ýyllardaky ortaça görkezijiden 1,59°C ýokarydyr. Bu soňky 20 aýda global temperaturanyň industrialdan öňki derejeden 1,5°C-dan hem ýokarydygyny görkezen 19-njy aý boldy.
2025-nji ýylyň boreal gyşynyň (2024-nji ýylyň dekabry – 2025-nji ýylyň fewraly) ortaça temperaturasy gözegçiligiň tutuş taryhynda ikinji görkeziji boldy. Ol 1991-2020-nji ýyllardaky ortaça görkezijiden 0,71°C ýokary, ýöne 2024-nji ýylyň gyşynyň rekordyndan 0,05°C pes boldy.
Ýyllyk görkeziji (2024-nji ýylyň marty – 2025-nji ýylyň fewraly) hem 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça temperaturasyndan 0,71°C ýokary we industrialdan öňki derejeden 1,59°C ýokary boldy.


26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

20.04.2026 14:38
8.9k+

Bir görseň güneşli, bir görseň ýagyş: şu hepde howa maglumaty nähili

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär....

02.02.2026 12:45
4.6k+

Ýanwar aýynda Aşgabada düşen ygalyň mukdary iki aýlyk kadadan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda ygalyň mukdarynyň kadadan artmagy hasaba alyndy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edip gelen uzak wagtlyk guraklyk döwründen soňra ýüze çykdy. Agzalan döwürde ygalyň mukdary yzygiderli kadadan pes bolup geldi...

26.01.2026 09:42
8.7k+

Türkmenistanda hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar (26.01 - 01.02)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...